Owganystanyň esasy aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, owgan goşunlary “Talybanyň” “ýörite güýçleri” ýa-da “Gyzyl bölüm” diýilýäniň komandirini öldürdiler.
Milli howpsuzlyk müdirliginiň 3-nji dekabrdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, Molla Şah Wali geçen hepde Helmand welaýatynda geçirilen howa operasiýasynda öldürildi. Ol Molla Naser diýip hem tanalýar.
Bu welaýat “Talybanyň” Owganystanyň bol girdejili neşe söwdasynyň ortasynda berk ornaşan ýeri hasaplanýar.
Wali üç ýyl mundan öň “Talybanyň” “Gyzyl bölüminiň” komandiri we Helmand welaýatyndaky kölege gubernatorynyň orunbasary boldy hem-de “Talybanyň” hüjümleri bilen gönüden-göni baglanyşykly diýip, beýanatda aýdylýar.
Owgan harbylarynyň maglumatyna görä, bu “Gyzyl bölüm” iň kämil ýaraglar, şol sanda gije görkezýän enjamlar, 82mm raketalary, agyr pulemýotlar we ABŞ-da öndürilen hüjüm tüpeňleri bilen ýaraglanan.
Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?