Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattis Pakistana bardy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattis

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattisiň Pakistana saparynyň dowamynda ýurduň liderleri bilen 4-nji dekabrda gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Waşington terrora garşy göreşi güýçlendirmäge isleg bildirýär, şol bir wagtda-da Pakistanyň öz serhetlerinde gozgalaňçy toparlara ýeterlik derejede garşy durmaýandygyny aýdýar.

“Biz Pakistanyň liderlerinden olaryň terrorizmi goldamaýandygyny eşitdik we men olaryň syýasatyny äşgär edýän käbir hereketleri görmek isleýärin” diýip, Mattis 3-nji dekabrda Yslamabada saparynyň öňüsyrasynda günbatar ýurtlarynyň birnäçe resmisi bilen geçiren duşuşygynyň yzýany eden çykyşynda aýtdy.

Şol bir wagtda-da Mattis Pakistan bilen işleşmek isleýändigini we ýurduň liderlerine basyş etmäge isleg bildirmeýändigini aýtdy.

Waşington geçmişde Pakistanyň “Talybanyň” goňşy Owganystana hüjüm edýän söweşijilerine “howpsuz gaçybatalga” berýändigini aýdyp, nägilelik bildiripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG