Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň oppozisiýa aktiwistleri parlamenti prezidente impiçment bildirmäge çagyrdylar


Kiýew, 3-nji dekabr, 2017.

Ukrainanyň müňlerçe oppozisiýa aktiwisti Kiýewiň merkezinde ýöriş geçirip, parlamenti prezidente impiçment bildirmäge çagyrdylar.

Polisiýa Mihail Saakaşwiliniň “Täze güýçler” atly partiýasy tarapyndan guramalaşdyrylan demonstrasiýa 2500 adamyň gatnaşandygyny aýtdy, ýerli çeşmeler bolsa protestçileriň sanynyň 5000 adam çemesi bolandygyny habar berýärler.

Saakaşwili protestçileriň öňünde eden çykyşynda kanun çykaryjylardan edilýän talabyň başa barmadyk ýagdaýynda ukrainleri Kiýewiň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasynda 10-njy dekabrda jemlenmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG