Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmengazyň" täze ýolbaşçysy bellendi


Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň resmi belgisi
Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň resmi belgisi

Türkmenistanyň gaz ugrundan baş edarasynyň täze ýolbaşçysy bellendi.

Remi maglumatlara görä, “Türkmengaz” döwlet konserniň täze başlygy wezipesine Myrat Arçaýewiň bellenendigi 1-nji dekabrda mälim edildi.

“Prezident Gurbanguly Berdymuhamedowyň permany bilen Arçaýew Myrat Gurbanowiç Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniň başlygy wezipesine bellendi diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Arçaýewiň “Türkmengazyň” başlygy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirendigi habar berilýär.

"Türkmengazyň" täze ýolbaşçysynyň bellenmegi bu döwlet guramasynyň käbir daşary ýurtly partnýorlarynyň onuň "tölege ukypsyzdygyny" aýdýan wagtyna we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna degişli kärhanalarda iş orunlarynyň azaldylýandygy barada habar berilýän döwrüne gabat geldi.

Nebit-gaz pudagy Türkmenistanyň döwlet girdejileriniň esasy çeşmesi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG