Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prokurorlary ykdysadyýet boýunça öňki ministr Ulýukaýewe 10 ýyl soradylar


Orsýetiň ykdysadyýet boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew
Orsýetiň ykdysadyýet boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýew

Orsýetiň prokurorlary ýurduň ykdysadyýet boýunça öňki ministri Alekseý Ulýukaýewiň 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini soraýarlar.

“Men sizden Alekseý Ulýukaýewi günäli hasaplamagy soraýaryn” diýip, prokuror Boris Neporožnyý suda aýtdy we oňa 10 ýyl türme tussaglygyny hem 500 million rubl ($8.5 million) möçberinde jerime salynmagyny sorady.

Prokurorlar Ulýukaýewiň “Rosneft” döwlet agentliginiň başlygy Igor Seçinden 2 million amerikan dollary möçberinde pul talap edip, almagynyň subut edilendigini aýtdylar.

Ulýukaýew özüne bildirilen günäni ret etdi we gozgalan işi prowokasiýa diýip atlandyrdy.

Prokurorlar Ulýukaýewiň parany geçen ýylyň 14-nji noýabrynda döwletiň gözegçiligindäki “Başneft” kompaniýasynyň “Rosnefte” satylmagyny güwä geçmek üçin alandygyny aýtdylar.

Polisiýa Ulýukaýewi “Rosneftiň” edarasynda Seçiniň oňa içi pully sumkany beren pursadynda tussag edipdi. Günüň ertesi Ulýukaýew wezipesinden boşadylypdy.

Ulýukaýev 27-nji noýabrda sudda eden çykyşynda sumkanyň içinde pul däl-de sowgat bardyr diýip pikir edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG