Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan resmileri 'Al-Kaýdanyň' onlarça agzasynyň öldürlendigini aýdýarlar


Owganystanyň kartasy

Owgan resmileri ýurduň gündogarynda geçirilen operasiýanyň netijesinde “Al-Kaýdanyň” onlarça agzasyny, şol sanda baş ýolbaşçysy Omar Ketaby öldürendigini aýdýarlar.

Howpsuzlyk boýunça milli müdirligiň 5-nji dekabrda çap eden beýanatyna görä, NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky koalision güýçler bilen bilelikde geçirilen çäreleriň dowamynda ekstremist “Yslam döwleti” toparynyň 80 çemesi agzasy öldürilipdir we 27 agzasy tussag edilipdir.

Bu çäräniň haçan geçirilendigi mälim edilmedi.

Owganystanyň aňtaw agentligi öz güýçleriniň ýurduň günortasyndaky Zabul welaýatynda we gündogarynda Gazni we Paktia welaýatlarynda “Al-Kaýdanyň” bazalaryny ýok edendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG