Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan daşary ýurtlylar üçin täze wizalary girizýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew daşary ýurtlylaryň Özbegistana 30 günlük sapar etmegine rugsat berýän täze wizalar barada permana gol çekdi.

4-nji dekabrda Syýahatçylyk ministrliginiň köpçülige mälim edilen permanyna görä, şahslar üçin syýahatçylyk wizasynyň bahasy 40 we 60 amerikan dollary möçberinde kesgitlenýär.

Ozalky düzgüne laýyklykda, syýahatçylyk wizasy bir hepdelik ýa-da 15 günlük möhlet bilen berilipdi.

Şeýle-de, täze düzgüne görä, syýahatçylyk toparlarynyň düzümine degişli talaplar ozalky 10 adamdan 5 adama çenli azaldylýar. Syýahatçylyk toparynyň düzüminde 15 günlük wizanyň bahasy 15 amerikan dollary, 30 günlük wizanyň bahasy 25 amerikan dollary möçberinde kesgitlenýär.

Mirziýoýewiň daşary ýurtlylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek boýunça bu çäresi köp ýyllap berk gözegçilik astynda bolan ýurdy açmak boýunça ädýän ädimleriniň biri bolup durýar.

Şawkat Mirziýoýew döwlet başyna Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň ýogalmagynyň netijesinde geçdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG