Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmäge taýýar diýilýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) we Palestinanyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas, Waşington, 3-nji maý, 2017
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) we Palestinanyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas, Waşington, 3-nji maý, 2017

ABŞ-nyň baş resmileri 6-njy dekabrda prezident Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edip, bu gadymy şähere ABŞ-nyň ilçihanasyny göçürmek işine başlajagyny habar agentliklerine aýtdylar.

Ýakyn Gündogarda zorlugy tutaşdyrmak töwekgelçiligine döredýän bu karary barada etjek çykyşynda Tramp ilçihanany Tel Awiwden göçürmek işiniň üç we dört ýyl aralygyndaky wagty talap etjekdigini mälim eder diýip, resmiler aýdýalar.

Trampyň Iýerusalimiň paýtagt hökmünde ykrar edilmegi barada Ysraýyl tarapyndan edilen haýyşy makullamagy ABŞ-nyň uzak wagtlap dowam etdiren syýasatynyň üýtgändigini aňladýar. ABŞ-nyň öňki syýasatyna görä, şäheriň statusy Gündogar Iýerusalimiň özleriniň geljekki döwletiniň paýtagty bolmagyny isleýän palestinler bilen gepleşikler arkaly çözülmelidi.

Paliestinler we Arap ýurtlaryň liderleri Trampy zorlugy tutaşdyryp biljek töwekgelçilikden saklanmaga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG