Özbegistan we Owganystan ýurtlaryň arasyndaky demir ýol gatnawynyň göwrümini giňeltmek boýunça ylalaşyk baglaşdylar. 5-nji dekabrda baglaşylan ylalaşyk Özbegistan üçin deňze tarap göni ýol açýar.
Deňize çykýan ýoly bolmadyk Özbegistan üçin deňiz gatnawynyň elýeterliligi örän çäkli.
2011-nji ýylda Özbegistanyň döwlet demirýol kompaniýasy özbek-owgan serhedindäki Hairatan şäheriniň we Owganystanyň demirgazygyndaky uly şäher Mazari-e Şarifiň arasynda gysga demir ýol liniýasyny gurdy.
Daşkent şondan bäri demir ýoly Owganystanyň demirgazyk-günbatarynda Eýrana barýan ýolda ýerleşýän Herata tarap uzaltmaga gyzyklanma bildirdi.
Häzirki wagtda gurulýan demir ýoluň ýene bir ugry Heraty Eýran bilen birleşdirer we Özbegistanyň Eýranyň aýlag portlaryna ýüklerini aşyrmagyna mümkinçilik döreder.
Özbegistanyň prezidentiniň administrasiýasy Şawkat Mirziýoýewiň we Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň Mazar-e Şarif-Hyrat demir ýoluň gurluşygy hakynda şertnama gol çekendigini habar berdi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?