Sepleriň elýeterliligi

Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagy hökmünde ykrar etmegi dünýäde tankytlandy


Iýerusalim, 6-njy dekabr, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek boýunça karary dünýä derejesinde tankyt döretdi, emma käbir liderleriň çaklamalaryna garamazdan, zorlugy tutaşdyrmady.

ABŞ-nyň 6-njy dekabrda yglan eden kararyny diňe Ysraýyl “batyrgaý we adalatly” diýip, makullap çykyş etdi. Emma ýurduň Germaniýa, Saud Arabystany ýaly ýaranlary we Ýewropa Bileleşigi karary ýazgardylar we bu hereketiň regionda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri agyrlaşdyryp biljekdigini bellediler.

Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel ARD media serişdesi bilen söhbetdeşliginde munuň Ysraýylyň we palestinleriň arasyndaky konfliktiň täzeden güýçlenmegine” getirip biljekdigini aýtdy.

Palestinler iki ýurduň ýanaşykly parahatçylykly ýaşamagy ugrundaky gepleşikleriň netijesinde özleriniň geljekki paýtagtyny gündogar Iýerusalimde döretmegi arzuw edýärler. Palestina tarapyndan gepleşikleri alyp barýan baş resmi Trampyň kararynyň bu mümkinçiligi doly “ýumurandygyny” 6-njy dekabrda aýtdy.

Ýurtlaryň köpüsi Ysraýylyň musulmanlar, ýewreýler we hristianlar üçin mukaddes hasaplanýan Iýerusalime tutuşlygyna gözegçilik etmegini ykrar etmeýärler.

XS
SM
MD
LG