Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenkonyň ykbaly nämälim


Türkmenistan (illýustrasiýa)
Türkmenistan (illýustrasiýa)

Türkmenistanda ady belli aktiwist Galina Kuçerenko tussag edildi. 7-nji dekabrda gyzy bilen bilelikde özüniň Aşgabatdaky öýüninden äkidilen Galinanyň ykbaly nämälim gaýar.

52 ýaşly Galina Kuçerenko haýwanlary goramak we halas etmek boýunça alyp barýan işleri sebäpli mundan öň birnäçe gezek haýbat atylypdy.

7-nji dekabrda Galina bilen bilelkde öýünden zor bilen äkidilen gyzy Waleriýa şol günüň aýagynda boşadyldy.

Waleriýanyň we graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 8-nji dekabrda habar bermegine görä, Galina Kuçerenkonyň öýünde saklanan haýwanlaryň ählisi ýok edilipdir. “Jaýda gazyň yzlary bar” diýip, Şabunts gürrüň berdi.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy Aşgabatda Galina Kuçerenkonyň eden-etdilikli tussag edilmegini ýazgardy we Türkmenistanyň halkara partnýorlaryna çagyryş edip, türkmen hökümetinden Kuçerenkonyň nirede saklanýandygyny barada gyssagly maglumat bermegi we ony boşatmagy talap etmäge ündedi.

XS
SM
MD
LG