Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewiň merkezinde Saakaşwiliniň ikinji tussaglygyna protest bildirýärler


Kiýew. Protestçiler.
Kiýew. Protestçiler.

Merkezi Kiýewde ýüzlerçe adam Ukrainanyň oppozision syýasatçysy we ozalky gürji prezidenti Mihail Saakaşwiliniň ikinji gezek tussag edilmegine protest bildirýär.

Saakaşwiliniň aklawçysy 9-njy dekabrda žurnalistlere öz müşderisiniň açlyk yglan edendigini aýtdy. Aklawçy Ruslan Çornolutskiý (Chornolutskiy) Saakaşwiliniň goldawçylaryny Kiýewde 10-njy dekabrda prezident Petro Poroşenkonyň impiçment edilmegi üçin proteste çagyrýan hatyny ýaýratdy.

Baş prokuraturanyň sözçüsi 9-njy dekabrda prokurorlaryň Saakaşwilini suda çenli elektronik gözegçiligi astynda öý tussaglygyna geçirmegi sorandyklaryny aýtdy.

Ukrain resmileri Saakaşwilini hamala ozalky prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýolbaşçylygyndaky “jenaýat toparyna” meçew bermekde aýypladylar. Ýanukowiç 2014-nji ýylda häkimiýetden çetleşdirilip, Orsýte gaçdy.

Ukrain häkimiýetleri Saakaşwiliniň protestleriniň Orsýetiň Ukraina garşy dildüwşükleriniň bir bölegidigini aýdýarlar. Saakaşwili bu aýyplamalary ret edýär.

Saakaaşwili 8-nji dekabrda hem tussag edildi we onuň azat edilmegi üçin ýüzlerçe adam proteste çykdy.

XS
SM
MD
LG