Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-nyň başlygy türkmen prezidenti bilen eden maslahatyny aýtmady


Thomas Greminger

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde 5-6-njy dekabrda raýat jemgyýetleriniň ÝHHG-nyň ministrler geňeşiniň öňüsyrasyndaky parallel maslahaty geçirildi.

Bu maslahatyň dowamynda hukuk goraýjylar ÝHHG-nyň golaýda Aşgabatda bolan baş sekretary Tomas Gremingere prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk mahalynda türkmen türmelerinde ýiten s bendiler barada gürrüň edip-etmändigini soradylar diýip,
“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri ýazýar.

“Jenap baş sekretar, megerem siz “Olary diri görkeziň” diýen halkara kampaniýanyň Türkmenistanyň türmelerinde ýiten ozalky ýokary derejeli resmileriň, aktiwistleriň we dini maddalar esasynda ýazgarylan adamlaryň hukularyny goramak üçin edýän tagallalaryndanhabarlysyňyz. Siz ýakynda Türkmenistandan dolanyp geldiňiz, ol ýerde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdyňyz. Twitter hasabyňyzda aýdan zatlaryňyzdan çen tutulsa görä, siz bu sapardan hoşal. Eýsemsiz prezident bilen söhbetdeşlikde bu bendiler baradaky meseläni galdyrdyňyzmy?” diýip, hukuk goraýjylar soradylar.

ÝHHG-nyň başlygy Greminger “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň alyp barýan işlerinden habarlydygyny, emma Türkmenistanyň prezidenti bilen eden “özara gürrüňiniň” mazmunyny açmajakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG