Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dokumentlerini 'oňartmak' isleýän türkmen migrantlary araçylaryň aldawyna düşýär


Türkmen pasportlary
Türkmen pasportlary

Türk hökümetiniň ýurtdaky bikanun migrantlaryň kanuny ýagdaýa geçmegi üçin döreden günä geçişligi dowam edýän wagtynda dokumentlerini düzeltmek isleýän türkmen migrantlarynyň dürli kynçylyklara duş gelýändigi, şol sanda öz ildeşleri tarapyndan aldawa salynýandygy barasynda Azatlyk Radiosyna yzgiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Eýsem, Türkiýedäki türkmen migrantlary dokumentlerini düzeltmäge synanyşýan mahaly nähili ýagdaýlara duş gelýärler? Bikanun araçylaryň aldawyna düşmez ýaly, türkmen migrantlary näme etmeli?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň dokumentlerini düzeltmäge synanyşýan mahaly duş gelýän kynçylyklaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Dokumentlerini 'oňartmak' isleýän türkmen migrantlary araçylaryň aldawyna düşýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG