Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan owgan studentlerine stipendiýa berer, iberýän toguny arzanladar


Bender. Türkmen-owgan serhedi.

Türkmenistan energiýa, transport ugrundan ýokary bilim aljak owgan studentlerine stipendiýa berer we goňşy ýurtda eksport edýän elektrik togunyň bahasyny arzanladar.

Owgan habar gullugy “Pajhwok” bu wadanyň Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow tarapyndan berlendigini habar berýär.

Neşir Owganystanyň baş ýerine ýetiriji ofiseri Abdulla Abdullanyň edarasyna salgylanyp, türkmen diplomatynyň bu wadany owgan resmisi bilen duşuşyk wagtynda berendigini belleýär.

Abdulla Abdulla Meredow bilen duşuşyk mahalynda Türkmenistanyň mundan öňki beren kömekleri üçin sagbol aýdyp, owgan studentlerine has köp stipendiýa berilmegini sorady.

Türkmenistanyň daşary işler ministri öz ýurdunyň owgan studentlerine has stipendiýa bermägehem-de Owganystana eksport edýän elektrik togunyň bahasyny arzanlatmaga taýýardygyny aýtdy.

Şeýle-de Meredow Abdullany Aşgabada resmi sapara çagyrdy, baş ýerine ýetiriji ofiser bu çakylygy kabul etdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, Azuru koridory we Kabul prosesi barada maslahat edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG