Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet “islenilmeýän” guramalaryň websaýtlarynyň elýeterliligini çäklendirip başlady


Orsýetli öňki oligarh Mihail Hodorkowskiý
Orsýetli öňki oligarh Mihail Hodorkowskiý

Orsýetiň media gözegçilik edýän Roskomnadzor döwlet agentligi ýurduň Adalat ministrligi tarapyndan “islenilmedik” diýlip yglan edilen guramalaryň websaýtlarynyň elýeterliligini çäklendirip başlady. 2015-nji ýylyň kanuny Kremliň ýurtda syýasy garşylygy öjükdirmekde aýyplan guramalary çäklendirýär.

Rozkomnadzoryň resmi websaýtynda 12-nji dekabrda çap bolan maglumatda “Orsýetde islenilmeýän diýlip yglan edilen guramalaryň maglumatlaryny ýaýradýan” websaýtlaryň elýeterliligini çäklendirmek hakynda Baş prokuraturadan talabyň gowuşandygy aýdylýar.

Maglumatda hiç bir guramanyň takyk ady görkezilmändir, emma sanawda 11 sany guramanyň bardygy aýdylýar.

11-nji dekabrda Orsýetiň häkimiýetleri öňki oligarh Mihail Hodorkowskiý tarapyndan esaslandyrylan hökümete degişli bolmadyk “Açyk Orsýet” proýektiniň ençeme websaýtyny petiklediler. Gurama düýbi Orsýetdäki bölüminiň orsýet häkimiýetleriniň düzen islenilmeýän guramalaryň sanawyna girmeýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG