Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan dünýä ýurtlaryny Iýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde ykrar etmäge çagyrdy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Stambul, 13-nji dekabr, 2017
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Stambul, 13-nji dekabr, 2017

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan dünýä ýurtlaryny “okkupirlenen Iýerusalimi Palestinanyň paýtagty” hökmünde ykrar etmäge we bu bölünen şäheri ABŞ-nyň Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmegine jogap bermäge çagyrdy.

Erdogan 13-nji dekabrda Stambulda Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň sammitiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Iýerusalimiň musulmanlar üçin “gyzyl çyzyk” bolup durýandygyny we olaryň yslamyň mukaddesligine hiç bir agressiýa çydam etmejegini belledi.

Şeýle-de ol Ysraýyly “terror döwleti” diýip atlandyrdy.

Palestinanyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas ABŞ-nyň hereketiniň Waşingtonyň Ýakyn Gündogarda parahatçylyk ugrundaky araçy rolunyň soňuna çykandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edip, ýurduň onlarça ýyllap alyp baran syýasatynyň ugruny üýtgetmegi Waşingtonyň Ýewropadaky, Ýakyn Gündogardaky ýaranlary we beýleki döwletler tarapyndan tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG