Kabuldan gowuşýan maglumatlara görä, Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri dört sany mugallymy tussag edipdir we ABŞ-da ýaşaýan dinçi Fethulla Gulen bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän mekdeplere reýd geçiripdir. Türkiýäniň häkimiýetleri Fethulla Guleni 2016-njy ýylyň tomsunda başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyny guramalaşdyrmakda aýyplaýarlar.
Howpsuzlyk güýçleri 12-nji dekabrda gyzlaryň ýokary mekdebine işe barýan bir owgan we üç sany türk mugallymyny tussag etdi diýip, Owgan-türk mekdebini dolandyrýan hökümete degişli bolmadyk bilim guramasynyň (ATCE) başlygy Human Erdogan aýtdy.
Owganystanyň aňtaw agentliginiň we Howpsuzlyk boýunça milli müdirligiň agzalary diýip, özlerini tanadan resmiler yzýany ýene bir mugallymy gözläp, mekdebe barypdyr.
Owgan resmileri okuwçylaryň we olaryň ene-atasynyň arasynda dowul döreden reýdi we tutha-tutlugy dessine kommentirlemediler. Okuwçylar howpsuzlyk güýçleriniň gyzlaryň umumy ýaşaýyş jaýyna girendigini aýdýarlar.
ATCE guramasy 1995-nji ýyldan bäri Owganystanda iş alyp barýar we ýurduň ençeme şäherinde, şol sanda Kabulda, Mazar-i Şarifde, Kandaharda we Heratda mekdepleri dolandyrýar.
Türkiýe 2016-njy ýylyň iýul aýynda başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň onlarça ýurtdan Gulen bilen bagly guramalara basyş etmegi talap edýär. Guleniň dini we sosial hereketi dünýäniň 160 çemesi ýurdunda 2000 çemesi bilim edarasyny dolandyrýar.