Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Dünýäde tussaglykda saklanýan žurnalistleriň sany rekord derejesine ýetdi


Žurnalistler oppozision "Jumhuriýet" gazetiniň edarasynyň öňünde şyrgarlaryny öňe sürýärler, Stambul, 24-nji iýul, 2017
Žurnalistler oppozision "Jumhuriýet" gazetiniň edarasynyň öňünde şyrgarlaryny öňe sürýärler, Stambul, 24-nji iýul, 2017

Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) dünýäde tussag astynda saklanýan žurnalistleriň sanynyň öň görlüp-eşidilmedik derejesine ýetendigini habar berdi.

Bu “dünýä jemgyýetiniň metbugat azatlygy ugrundaky global krizisi ýeňmekde ukypsyzlygyny” görkezýär diýlip, guramanyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

13-nji dekabrda çap edilen hasabatda şu ýyl gözenegiň aňyrsynda oturan žurnalistleriň sanynyň 262 adama ýetendigi, ozalky ýyllarda iň ýokary sanyň 259 bolandygy bellenýär.

CPJ guramasy türmede oturan žurnalistleriň ýarysyndan gowragynyň, ýagny 134 adamyň Türkiýede, Hytaýda we Müsürde alyp baran işleri üçin azatlykdan mahrum edilendigini aýdýar.

Hasabatda tussag edilen žurnalistleriň dörtden üç bölegine döwlete garşy hereketler bilen bagly aýyplamalaryň ýöňkelendigi aýdylýar.

Žurnalistleri tussag ediji esasy ýurtlaryň arasyna Azerbaýjan girýär, bu ýerde 10 žurnalistiň türmede saklanýandygy aýdylýar. Hasabatda Türkmenistanda bir žurnalistiň tussaglykda saklanýandygy bellenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilmegine iki ýyldan gowrak wagt geçdi.

XS
SM
MD
LG