Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik migrantlarynyň goragçysy Karomat Şaripow Orsýetden Täjigistana deportasiýa edildi


Karomat Şaripow (ç) gulçulykdan azat edilen täjik işçileri bilen, Moskwa, 18-nji iýul, 2014.
Karomat Şaripow (ç) gulçulykdan azat edilen täjik işçileri bilen, Moskwa, 18-nji iýul, 2014.

Täjik migrantlarynyň tanymal goragçysy Karomat Şaripow Orsýetden Täjigistana deportasiýa edildi.

Şaripowyň aklawçysy Aleksandra Medwedewanyň 13-nji dekabrda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, onuň müşderisi gije Moskwadan Täjigistanyň günortasyndaky Kulob şäherine ugradylypdyr.

Şaripowy Kulobda tapmak boýunça synanyşyklar başa barmady.

30-njy noýabrda Moskwanyň etegindäki Lýuberetskiý şäher sudy Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Şaripowyň orsýet pasportuny elinden almak boýunça oktýabrda amala aşyran hereketine hakly boldy diýip, karar çykardy we Şaripowyň Täjigistana deportasiýa edilmegine ýol açdy.

Migrantlar Federasiýasynyň ýolbaşçysy Şaripow sowet goşunynda we yzýany orsýet goşunynda gulluk edenden soň, 1993-nji ýylda kanun esasynda Orsýetiň raýaty bolandygyny aýdýar. Ol 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri hiç wagtda özünde täjik raýatlygynyň bolmandygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG