“ArcelorMittal Temirtau” (AMT) kompaniýasy 11-nji dekabrdan bäri Gazagystanyň merkezinde kömür käninde galýan we aýlyklarynyň galdyrylmagyny talap edýän ýüzlerçe magdança garşy sud işini gozgady.
Garagandy regionynyň Şahtinsk şäher sudunyň resmileri 14-nji dekabrda özlerine arzanyň gowşandygyny AÝ/AR-na aýtylar.
Demir öndüriji “ArcelorMittal” global kompaniýanyň bölümi bolan AMT suduň magdançylaryň iş taşlaýşynyň we magdançylar bileleşiginiň hereketleriniň bikanundygy barada karar çykarmagyny isleýär.
Şol bir wagtda-da iş taşlaýşy yglan eden magdançylaryň kärdeşleriniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, 700-den gowrak işçi Şahtinskiň ençeme käninde ýeriň aşagynda galýar.
12-nji dekabrda Gazagystanyň Zähmet ministri Tamara Duisenowa känlerde 684 magdançynyň galýandygyny aýtdy. 13-nji dekabrda regionyň häkimiýetleri häkim Erlan Koşanowyň magdançylar bilen känlerde duşuşyk geçirmeginden soň 154 adamyň ýokary çykmaga razy bolandygyny aýtdylar.