Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goraýjy komitet täjik žurnalisti Hairullo Mirsaidowy tussaglykdan boşatmaga çagyrdy


Hairullo Mirsaidow
Hairullo Mirsaidow

Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) Täjigistanyň häkimiýetlerini tanymal žurnalist Hairullo Mirsaidowy tussaglykdan boşatmaga we oňa garşy gozgalan işi ýatyrmaga çagyrdy.

“Azat medianyň we tankydy pikirleriň tas ýok ýerinde Mirsaidow ýaly žurnalistler edýän işleri üçin ykrar edilmeli, galp aýyplamalaryň esasynda gulp astynda saklanmaly däl” diýip, Nýu Ýorkda ýerleşýän guramanyň ýolbaşçysynyň orunbasary Robert Mahoney 13-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda bellendi.

8-nji dekabrda Mirsaidow bisarpa puly harçlamakda, galplykda, polisiýa galp maglumat bermekde, etnik we dini ýigrenji tutaşdyrmakda günälenip, deslapky tussaglyga höküm edildi.

39 ýaşly žurnaliste ýöňkelýän aýyplamalar 21 ýyllyk türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG