Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ýüzlerçe magdançy iş taşlaýyşyny bes edip, känleri terk etdi


"ArcelorMittal Temirtau" kompaniýasynyň känlerinde işleýän magdançylar, Garagandy, dekabr, 2017.
"ArcelorMittal Temirtau" kompaniýasynyň känlerinde işleýän magdançylar, Garagandy, dekabr, 2017.

Gazagystanda birnäçe günläp kömür känlerinde ýeriň aşagynda bolan magdançylaryň ýüzlerçesi iş taşlaýyşyny bes edýändigini yglan etdiler we gijäniň dowamynda birnäçe käni terk etdiler diýip, kömür öndüriji kärhanalary dolandyrýan “ArcelorMittal Temirtau” (AMT) kompanýasy aýtdy.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, 14-nji dekabrda Garagandy regionda känlerden 420 magdançy ýeriň aşagyndan çykaryldy. Ençeme magdançynyň aýallary bu maglumaty AÝ/AR-na tassykladylar.

Munuň öňüsyrasynda känleriň eýesi “ArcelorMittal” global kompaniýasyna degişli AMT 11-nji dekabrda iş taşlaýyşy yglan eden we aýlyklarynyň galdyrylmagyny talap edip, känlerde galan magdançylara garşy sud işini gozgady.

14-nji dekabrda Şahtinsk şäheriniň sudy iş taşlaýyşyň bikanundygy hakynda karar çykardy.

15-nji dekabrda Garagandy regionynyň administrasiýasy magdançylaryň “bikanun iş taşlaýyşy” üçin jezalandyrylmajagyny we olaryň aýlyklarynyň 30% ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.

Jemi 700 çemesi magdançy iş taşlaýyşa gatnaşdy, olar aýlyklaryň iki esse ýokarlandyrylmagyny, näsaglyk rugsadynyň tölenmegini we pensiýa 50 ýaşda çykmagyny talap etdiler.

XS
SM
MD
LG