Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telefon gepleşiginde Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasynyň daşyndaky krizis boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de gepleşigiň dowamynda Tramp ABŞ-nyň ykdysadyýetini dolandyrmagyny makullamagy üçin Putine minnetdarlyk bildirdi.
Iki döwletiň baştutanlary “birnäçe krizis zonasyndaky ýagdaýlary” maslahat etdiler , “Koreýa ýarymadasyndaky ýadro meselesini çözmeklige üns berdiler” diýip, Kremliň 14-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar we bu telefon gepleşigini Trampyň inisiatiwasy bilen geçirilendigi bellenýär.
Ak Tam taraplaryň “Demirgazyk Koreýada örän howply ýagdaýy çözmek ugrunda bile işleşmegi maslahat edendigini” aýtdy.
Ak Tam Trampyň Putiniň ýyllyk konferensiýasynda ony gorap we makullap aýdan sözlerine minnetdarlyk bildirendigini nygtady.
Putin 14-nji dekabrda eden çykyşynda Trampyň döwlet başyna geçeli bäri ABŞ-nyň bazarlarynda ýiti ösüşiň bolandygyny belläp, munuň Trampyň prezidentliginiň ilkinji ýylynda “uly üstünliginiň” subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.