Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk mediasy orsýet ilçisini ödürmekde güman edilýän ýene bir adamyň tussag edilendigini habar berdi


Orsýetiň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlow, Ankara, 19-njy dekabr, 2016.
Orsýetiň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlow, Ankara, 19-njy dekabr, 2016.

Türkiýäniň mediasy 2016-njy ýylda Orsýetiň Türkiýedäki ilçisiniň janyna kast edilmegi bilen baglylykda ýene bir adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Häkimiýetler 13-nji dekabrda öňki polisiýa ofiseri Ramazan Ýujeli sorag edensoň tussag astyna aldy diýlip, habar berildi.

Orsýetiň ilçisi Andreý Karlow 2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Ankarada surat sergisinde çykyş eden wagtynda atylyp öldürildi. Hüjümçi “Aleppony unutma” diýip gygyrdy we ilçini oka tutdy.

Türkiýäniň häkimiýetleri Karlowy öldüren adamyň 22 ýaşly iş başynda bolmadyk, polisiýa wekili Mewlut Mert Altintas bolandygyny aýtdylar. Altinas soňra polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

Türkiýäniň resmileri orsýet ilçisiniň öldürilmegine gatnaşykda güman edilýän ençeme adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG