Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Orsýet Demirgazyk Koreýa meselesinde kömek etmeýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetden Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary programmasy krizisini çözmekde kömek isländigini, emma özüniň rus tagallalaryndan kanagatlanmandygyny aýtdy.

Trampyň 15-nji dekabrda Ak tamda žurnalistlere aýdan sözlerinden gysga wagt soň döwlet sekretary Reks Tillerson Orsýeti we Hytaýy Demirgazyk Koreýa has kän basyş etmäge çagyrdy we Moskwanyň demirgazyk koreýaly işçileri “gulçylyk şertlerine çalymdaş’ ýagdaýda işletmegi dowam etdirýändigini aýtdy.

Tramp 14-nji dekabr güni giçlik rus prezidenti Wladirimir Putin bilen “beýik” telefon söhbetdeşligini edendigini we Demirgazyk Koreýa krizisini maslahatlaşandygyny aýtdy. Iki lider beýleki meseleleri hem maslahatlaşdy, “emma söhbetiň esasy meselesi Demirgazyk Koreýa boldy, sebäbi biz onuň Demirgazyk Koreýa meselesinde kömek etmegini isleýäris” diýip, Tramp telefon söhbetdeşliginiň Kreml tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilendigini aýtdy.

"Biz Demirgazyk Koreýa meselesinde näme boljagyny göreris, biziň örän kän goldawymyz bar. Biz bilen razylaşýan döwletler kän, tas hemme kişi” diýip, Tramp aýtdy.

“Hytaý kömek edýär. Orsýet kömekleşmeýär. Biz Orsýetiň kömegini isleýäris – bu örän möhüm” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG