Sepleriň elýeterliligi

Üç adamly ekipaž Halkara kosmos stansiýasyna ugradyldy


“Soýuz MS-07” kosmos gämisi kosmosa uçuryldy.

Amerikan, ýapon we rus kosmonawtlarynyň üçlügi Gazagystandaky kosmodromdan Halkara kosmos stansiýasyna alty aýlyk missisýa ugradyldy.

“Soýuz MS-07” kosmos gämisi ABŞ-nyň NASA kosmos agentliginden Skott Tingli, Orsýetiň Roskosmos agentligindenAnton Şkaplerowy, Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligindenNorişige Kanai alyp, 17-nji dekabrda ýerli wagt bilen1:21-de Baýkonur kosmodromyndan kosmosa uçurdyldy.

Kosmos gämisi 17-nji dekabrda Ýeriň ýokarsynda 400 kilometr orbitada ýerleşýän Halkara kosmos stansiýasyna birleşmeli.

Tingle, Şkaplerow we Kanai ol ýerde Roskosmosdan Aleksandr Misurkinwe NASA-danMark Vande Hei weJoe Acaba goşular, olar Halkara kosmos stansiýasynda sentýabrdan bäri işleýär.

14-nji dekabrdaky kosmos hemrasy Halkara kosmos stansiýasyndan üç adamly ekipažy, orsýetli, ABŞ-ly we italiýaly agzalary yzyna getirdi.

XS
SM
MD
LG