Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda "Talyban" 11 ofiseri öldürdi


 Helmand, howpsuzlyk güýçleri
Helmand, howpsuzlyk güýçleri

Owgan resmileri “Talyban” jeňçileriniň Helmand welaýatynda iki sany barlag nokadyna hüjüm edip, 11 sany polisiýa ofiserini öldürendiklerini habar berýär.

Welaýat gubernatory Haýatullah Haýat 17-nji dekabrda irden owgan güýçleriniň ahyrynda welaýat paýtagty Laşkar Gahyň Kalaý Saň diýen ýerindäki hüjümi yzyna serpikdirmegi başarandyklaryny aýtdy.

Haýat söweşde iki ofiseriň ýaraly bolandygyny hem sözüne goşdy.

Welaýatyň polisiýa başlygy Ghafar Safi 15 sany jeňçiniň hem öldürilendigini aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz boýuna aldy.

Goňşulykdaky Kandagar welaýatynda janyndan geçen bombaçy maşynly daşary ýurt goşunlarynyň konwoýyna hüjüm etdi we owgan zenanyny öldürip, bäş sany asuda adamy ýaralady diýip, polisiýa başlygy, general Abdul Razik aýtdy.

Razik daşary ýurt esgerleriniň arasynda ejir çekeniň bar-ýokdugny bilmeýändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG