Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 16-njy dekabrda geçirilen ikinji gurultaýynda partiýanyň täze ýolbaşçysy saýlandy.
TDH döwlet habar gullugy partiýa başlyklygyna “Halys” jemgyýetçilik hojalygynyň baş direktory Saparmyrat Owganowyň saýlanandygyny habar berýär.
Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna ozal Öwezmämmet Mämmedow ýolbaşçylyk edýärdi.
TDH Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 2012-nji ýylda, prezidentiň demokratizasiýa we köppartiýaly sistema döretmek ugry esasynda döredilendigini belleýär.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.