Sepleriň elýeterliligi

Kabulyň aňtaw gullugynyň türgenleşdiriji merkezine hüjüm edildi


Owganystanyň aňtaw gullugynyň türgenleşdiriji merkeziniň golaýyndaky bina, Kabul, 18-nji dekabr, 2017

Owganystanyň Içeri işler ministrligi ýaragly söweşijileriň Kabulda aňtaw gullugynyň türgenleşdiriji merkeziniň golaýyndaky gurulýan bina hüjüm edendigini we ýaragly güýçler bilen güýçli çaknyşyga girişendigini aýtdy.

Ministrligiň metbugat-wekili Najib Danişiň 18-nji dekabrda aýtmagyna görä, hüjümçiler Owganystanyň esasy aňtaw agentligi bolan Howpsuzlyk boýunça milli müdirligiň türgenleşdiriji merkeziniň golaýyndaky gurulýan bina giripdirler. Bu merkez Kabulyň Afşar atly ýerinde ýerleşýär.

Daniş söweşijileriň bu binanyň içinden türgenleşdiriji merkezi nyşana alandygyny we howpsuzlyk güýçleriniň binanyň daşynda ýerleşip, hüjümçiler bilen söweşýändigini habar berdi.

Günüň dowamynda owgan resmileri “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň (YD) amala aşyran bu hüjüminiň netijesinde başlanan söweşleriň tamamlanandygyny we üç hüjümçiniň öldürlendigini mälim etdiler.

Geçmişde Kabulda amala aşyrylan hüjümlere jogapkärdigini hem “Talyban”, hem-de “Yslam döwleti” ekstremist topary aýdypdy.

17-nji dekabrda “Talybanyň” söweşijileri ýurduň günortasyndaky Helmand welaýatynda barlag-geçiş nokatlaryna hüjüm edip 11 polisiýa ofiserini öldüripdi.

XS
SM
MD
LG