Sepleriň elýeterliligi

Tramp ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça täze strategiýasyny mälim eder


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (merkezde)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 18-nji dekabrda etjek çykyşynda milli howpsuzlyk boýunça täze strategiýasyny mälim eder, bu Hytaý babatynda berk liniýany öz içine alýar diýip, ABŞ-nyň resmileri aýtdylar.

Täzelikler agentlikleri ABŞ-nyň resmilerini sitirläp, Trampyň öz çykyşyny “Amerika birinji” syýasatyna gönükdirjekdigini we Hytaýy bäsdeş atlandyryp, “ykdysady agressiýada” aýyplajakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň lideri öň Hytaýyň prezidenti Ksi Jinpinge ýokary baha beripdi, şeýle-de Pekini öz ýarany Demirgazyk Koreýa onuň dowam etdirýän raketa synaglary bilen baglylykda basyşy güýçlendirmäge çagyrypdy we adalatsyz söwdany amala aşyrmakda aýyplapdy.

“Milli howpsuzlyk strategiýasy Hytaýa garşy birnäçe ykdysady çäreleriň başlangyç guralydyr” diýip, “Financial Times” neşri “Beacon Global Strategies” atly strategiýa boýunça geňeşçi merkeziň öňki resmisi Maýkl Alleni sitirleýär.

Käbir tankytçylar Hytaý babatynda has agressiw hereketleriň ABŞ-nyň Aziýanyň ägirdi bilen söwdasyna zeper ýetiriji urşa getirip biljegini duýdurýarlar.

Howpsuzlyk boýunça strategiýa ABŞ-nyň Ronald Reýgandan başlap her bir prezidentiniň adatça her dört ýyldan bir gezek öňe sürýän formal dokumenti bolup durýar.

XS
SM
MD
LG