Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň harbylary gündogarda üç esgeriniň wepat bolandygyny aýdýarlar


Ukrainanyň gündogarynyň kartasy
Ukrainanyň gündogarynyň kartasy

Ukrainanyň harbylary soňky 24 sagadyň içinde gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek boýunça ylalaşygyň orsýetçi separatistler tarapyndan birnäçe gezek bozulmagy zerarly özüniň üç esgeriniň wepat bolandygyny 18-nji dekabrda habar berdi.

Goranmak ministrliginiň beýanatyna görä, separatistler ok atyşygyň bes edişligini 14 gezek bozupdyr we agyr toplary hem minomýotlary ulanypdyr.

18-nji dekabrda separatistler Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň ok atyşygyň bes edişligini 17 gezek bozup, awtomatlary, granata we mina atyjylary, hem-de top oklaryny ulanandygyny aýtdylar.

Kiýewiň harbylarynyň we orsýetçi separatisteriň arasynda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bolan söweşleriň netijesinde 10 300 çemesi adam wepat boldy.

2014-nji ýyyň sentýbarynyň we 2015-nji ýylyň fewral aýynyň arasynda baglaşylan Minsk ylalaşygynyň çäginde ok atyşygy bes etmek barada ençeme ylalaşyk yglan edilipdi.

Ok atyşlygyň soňky bes edişligi 22-nji awgustda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň liderleriniň arasynda gelnen ylalaşygyň esasynda yglan edilipdi.

XS
SM
MD
LG