Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda demir ýol heläkçiliginde azyndan üç adam wepat boldy, onlarçasy ýaralandy


Waşington, 18-nji dekabr, 2017
Waşington, 18-nji dekabr, 2017

ABŞ-nyň resmileriniň aýtmagyna görä, Waşington ştatynda täze demir ýoldan uly tizlikde ugran otlynyň gara ýola agdarylmagy zerarly azyndan üç adam wepat bolupdyr we onlarçasy ýaralanypdyr.

18-nji dekabrda Seattleden 65 kilometr uzaklykda ýüze çykan bu hadysada otlynyň 14 wagonyndan 13-si ýoldan çykdy, olaryň käbiri gara ýola agdarylyp, bäş sany ulagy, şol sanda iki ýük ulagyny ýumurdy.

Bu heläkçiligiň yzýany media maglumatlarynda alty adamyň wepat bolandygy, olaryň hem otlynyň ýolagçylarydygy habar berildi, emma resmiler üç damyň wepat bolandygyny tassykladylar.

Demirýol korporasiýasy Amtrak özüniň “Cascades 501” otlusynyň Oregon ştatynyň Portland şäherine ugrandygyny we onuň içinde 77 ýolagçynyň bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG