Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: 2017-nji ýylda dünýäde 65 sany žurnalist wepat boldy


Jalalabadyň milli telewizion stansiýasyna edilen hüjümiň pidalary, 17-nji maý, 2017

Serhetsiz reportýorlar guramasy (RSF) 2017-nji ýylda dünýäde 65 sany professional žurnalistiň, raýat žurnalistiň we media işgäriniň öldürlenigini aýdýar.

Media boýunça gözegçi guramanyň 19-njy dekabrda çap eden maglumatyna görä, 50 professional žurnalistden ybarat san soňky 14 ýylyň dowamynda iň pes görkeziji bolup durýar.

RSF görkezijiniň peselmegini uruş zonalarynda işleýän žurnalistleriň türgenleşik derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar.

Maglumatda wepat bolan 65 reportýorlardan 39 žurnalistiň öldürlendigi ýa-da gönüden nyşana alnandygy, galanlaryň “howadan edilen hüjümler, top oky ýa-da janyndan geçen hüjümçiniň zarbasy ýaly howply ýagdaýyň pidasy bolandygy” aýdylýar.

Urşa batan Siriýa žurnalistler üçin iň howply ýurt bolmagynda galýar. Bu ýerde 2017-nji ýylda 12 sany žurnalistiň wepat bolandygy aýdylýar. Yrakda sekiz žurnalist heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG