Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB we Gyrgyzystan täze ikitaraplaýyn ylalaşyk boýunça gepleşiklere başladylar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini, Bişkek, 9-njy noýabr, 2017
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini, Bişkek, 9-njy noýabr, 2017

Ýewropa Bileleşigi we Gyrgyzystan täze ikitaraplaýyn ylalaşyk boýunça gepleşiklere başladylar.

ÝB-niň 19-njy dekabrda yglan etmegine görä, bileleşigiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini we Mekezi Aziýa bilen gatnaşyklara syn edýän bölüminiň müdiri Luk Dewaýne Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Emil Kaikiew bilen gepleşik geçiripdir.

Mogherini noýabr aýynda Bişkekde geçiren gepleşiklerinde gyzgyz resmileri “ambisiýaly reformalaryň gün tertibini paýlaşdylar we demokratiýany pugtalandyrmak, açyk aýdyňlygy we kämil dolandyryşy öňe sürmek, täze ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek boýunça planlaryny mälim etdiler diýdi.

“Täze we giňeldilen ylalaşyk bize şeýle ymtylmalary mundan beýläk goldamaga, has berk syýasy we ykdysady gatnaşyklary gurmaga we ÝB-ne hem Gyrgyzystana bähbit getirmek üçin has köp mümkinçilikleri döretmäge ýol açar” diýip, Mogerini öz beýanatynda aýdýar.

Täze ylalaşyk 1999-njy ýylda gol çekilen Partnýorlyk we hyzmatdaşlyk boýunça şertnamanyň ornuny tutar. Bu dokument syýasy hyzmatdaşlyga, söwda we maýa goýumlar bilen bagly gatnaşyklara, ykdysady gatnaşyklara we durnukly ösüşi goldamak ýaly beýleki meselelere gönükdiriler diýip, ÝB aýdýar.

XS
SM
MD
LG