Sepleriň elýeterliligi

MkMaster Moskwanyň “aşa çylşyrymly ýykgynçylyk kampaniýasyna” garşylyk görkezmäge çagyrdy


Ak Tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. MkMaster

Ak Tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. MkMaster Moskwanyň “aşa çylşyrymly ýykgynçylyk kampaniýasyny” alyp barýandygyny aýdyp, günbatar döwletlerini Orsýetiň “durnuksyzlaşdyryjy hereketine” garşylyk görkezmäge çagyrdy.

MkMaster 19-njy dekabrda BBC-niň internet sahypasynda ýerleşdirilen interwiýusynda Orsýet ABŞ-yň öten ýylky prezident saýlawlaryna garşydy diýilýän “elbetde” milli howpsuzlyga gönderilen howp diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň düýn 18-nji dekabrda yglan eden täze milli howpsuzlyk strategiýasynda Orsýet bilen Hytaýa “Amerikanyň güýjüne, täsirine, bähbitlerine howp abandyrýan we Amerikanyň howpsuzlyk hem abadançylygyny gowşatmaga synanyşýan bäşdeş güýçler” diýlip baha berilýär.

“Biz, elbetde, Orsýetiň durnuksyzlaşdyryjy hereketlerine we çylşyrymly propaganda hem ýalňyş maglumatlary ýaýratmak barada alyp barýan kampaniýasyna garşylyk görkezmeli” diýip, MkMaster aýtdy.

Ol soňra hem bular jemagaty bölüp, bir-birlerine duşman etmek üçin edilýän synanyşyklar, aýratyn-da demokratik dünýäde we erkin hem açyk jemgyýetlerde” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

“Men Orsýetiň biziň demokratik institusiýalara, demokratik prosseslere, şol sanda saýlawlara bolan ynamymyzy gowşatmak üçin çylşyrymly ýykgynçylyk kampaniýasyny alyp barýanyna ynanýaryn” diýdi.

Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň aýtmagyna görä, Orsýetiň alyp barýan kampaniýasy 2016-njy ýylky saýlaw kampaniýasynda ABŞ-yň syýasy sahnasynyň iki tarapyna-da gönükdirilipdir.

“Olar aşa solçy toparlary goldarlar, aşa sagçy toparlary goldarlar. Olaryň isleýäni dartgynlyk döretmek, biziň kimdigimize bolan ynamymyzyň köküni gowşatmak”.

“Edilmeli möhüm zat, perdäni syryp, bu işjeňligiň üstüni açmak” diýip, MkMaster aýtdy.

ABŞ-yň aňtaw gulluklary bu barada ellerinde berk subutnama bardygyny aýtsalar-da, Orsýet saýlawa garyşandygyny inkär edýär.

Kreml ABŞ-yň täze milli howpsuzlyk syýasatyna 19-njy dekabrda jogap berip, bu dokumenti “imperialistik häsiýetli” diýip atlandyryp, “ýurda Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyna wehim diýip garalmagyny kabul edip bilmejekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG