Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň, Özbegistanyň prezidentleri Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny maslahat etdiler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s), Özbegistanyň prezidenti Shawkat Mirziýoýew (ç)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s), Özbegistanyň prezidenti Shawkat Mirziýoýew (ç)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Özbegistanyň prezidenti Shawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly gepleşip, Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyna we gatnaşyklary ýakynlaşdyrmak meselesine ünsi gönükdirdi.

Ak Tam 19-njy dekabrda geçirilen söhbetdeşligiň maksadynyň “regional howpsuzlygy maslahat etmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri artdyrmak” bilen bagly bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de prezidentler “Özbegistanyň Merkezi Aziýadaky roly, şol sanda onuň prezident Donald Trampyň Günorta Aziýa boýunça strategiýasyny we ABŞ-nyň Owganystandaky tagallalaryny” goldamagy barada pikir alyşdylar diýlip, beýanatda aýdylýar.

Özbegistan Owganystan bilen serhetleşýär. ABŞ-nyň harbylary 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu Ýorkda bolan terrorçylykly hüjümlerden soň Owganystanda söweşijilere garşy başlanan urşa gatnaşýarlar.

Siriýada we Yrakda uruş alyp barýan “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparyň düzüminde özbekler we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň raýatlary hem söweşýärler.

Soňky ýyllarda Günbatar ýurtlarynda bolan terrorçylykly söweşleriň ençemesine özbegistanly hüjümçiler gatnaşdylar. ABŞ-nyň häkimiýetleri oktýabr aýynda Nýu Ýork şäherinde ýük ulagyny pyýadalaryň üstüne sürüp, sekiz adamyň ölümine sebäpkär bolan adamyň özbegistanlydygyny aýdýarlar.

Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň ýogalmagynyň yzýany 2016-njy ýylyň sentýabrynda ýurt başyna geçdi.

Şondan bäri Mirziýoýew we Tramp iki gezek duşuşdylar, ýagny maý aýynda Saud Arabystanynda we sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň çäginde Nýu Ýorkda gepleşik geçirdiler.

XS
SM
MD
LG