ABŞ-nyň ilçisi Nikki Haleý BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini Eýrany “durnuksyzlandyryjy häsiýeti” we ABŞ-nyň ýarag gadagançylygyny “howply bozandygy” üçin jezalandyrmaga çagyrdy, emma Orsýet sanksiýalary ret etdi we dialogyň zerurdygyny aýtdy.
19-njy dekabrda maslahatyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Haleý şol günüň özünde irden Ýemende “Huthi” gozgalaňçylaryň Saud Arabystanyna ballistik raketa bilen uran zarbasynyň “geňeş üçin gyzyl yşarat” bolandygyny aýtdy. Şeýle-de ol zarbanyň “Eýran tarapyndan üpjün edilen hüjümleriň ähli alamatlaryna eýe bolandygyny” belledi.
Esasan şaýy ilatly Eýran Ýemeniň hökümetine garşy söweşýän “Huthi” gozgalaňçylaryny ýaraglandyrýandygy baradaky aýyplamalary ret edýär.
Eger ýurdtda aklowjyny ýada ýüristi öz hünär işi üçün türme basýan bolsalar onda ol döwletiň bahasy kör köpükdir!.