Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Orsýetiň anneksiýa eden Krym ýarymadasynda hukuk depelenmesine garşy çäre kabul etdi


Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin

BMG-niň Baş Assambleýasy Orsýetiň anneksiýa eden Krym ýarymadasynda adam hukuklarynyň depelenmegini berk ýazgarýan rezolýusiýany kabul etdi we Orsýeti “okkupasion güýç” diýip atlandyrdy.

Ukraina we dünýäniň 30 ýurdy tarapyndan öňe sürlen rezolýusiýa 70 ýurt tarapyndan makullandy. 26 ýurt, şol sanda Orsýet, Belarus, Gazagystan we Hytaý rezolýusiýa garşy çykdylar, 76 ýurt ses bermekden saklandy.

Ukrainanyň BMG-däki hemişelik missiýasy rezolýusiýanyň Ukrainanyň we Orsýetiň arasyndaky ýaragly konfliktiň bardygyny tassyklaýandygyny we Orsýetiň 2014-nji ýylda bikanun bölüp öz düzümine goşan territoriýada öz kanunlaryny ýöretmegini ýazgarýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň BMG-däki diplomatlary Orsýetiň BMG-niň agza ýurtlaryna rezolýusiýany ret etmek ýa-da ses berişlikden saklanmak boýunça “aşa basyş” görkezendigini bellediler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG