Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa: Melbournda awtoulag pyýadalaryň üstüne sürüp, azyndan 14 adamy ýaralady


Tiz kömek işgärleri ýaralananlara kömek berýärler, Melbourne, 21-nji dekabr, 2017

Awstraliýanyň polisiýasy Melbourne şäherinde awtoulagyň pyýadalaryň üstüne sürüp, azyndan 14 adamy ýaralamagynyň yzýany iki adamy tussag edendigini habar berdi.

Awtoulag “ençeme pyýadany” kakyp geçensoň ulag duralgasyna baryp urdy diýip, Wiktoriýa ştatynyň polisiýasy 21-nji dekabrda aýtdy.

Olar ulagyň sürüjisiniň we ýolagçysynyň tussag edilendigini aýtdy.

Polisiýa yzýany bu ýagdaýyň “bilkastlaýyn hereket” bolandygyny aýtdy, emma onuň terrorçylyk bilen bagly bolup-bolmandygyny anyk etmedi.

Hüjümde 14 adamyň ýaralanandygyny polisiýa aýtdy. Olaryň arasynda mekdep ýaşyna ýetmedik çaganyň bolandygyny Wiktoriýa ştatynyň tiz kömek gullugynyň resmileri aýtdylar.

Ýerli media 19 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Melbournda ýanwar aýynda ulagyň pyýadalaryň üstüne sürmeginiň netijesinde alty adam wepat bolupdy. Polisiýa şol wakanyň terrorizm bilen bagly bolmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG