Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Postsowet ýurtlarynda LGBT jynsy azlyklara basyş güýçlenýär


“Amnesty International” guramasy Orsýetiň “adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklara” garşy göreşýändigini belledi

“Amnesty International” guramasy LGBT jynsy azlyklaryň hukuklaryny goraýjylaryň postsowet giňişliginiň käbir böleklerinde özlerine garşy duşmançylykly garaýyşlaryň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy we Orsýetiň “adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklara” garşy göreşýändigini belledi.

Dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn edýän halkara guramasynyň 22-nji dekabrda çap eden hasabatynda LGBT toparlaryň Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda “barha güýçlenýän kemsidiji ýagdaýa” duçar bolýandygy aýdyldy.

“Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary Denis Kriwoşeýew agzalan ýurtlarda ýagdaýyň erbetleşmegine “Orsýetiň we onuň habar beriş serişdeleriniň uly täsiriniň” sebäp bolandygyny belledi.

Orsýetiň iň ýakyn regional partnýorlary Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hökümetleriniň soňky ýyllarda jynsy azlyklaryň hukuklaryny depelemegini güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG