Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Johnson: Moskwa we London global howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga ukyply


Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Johnson (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Moskwa, 22-nji dekabr, 2017
Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Johnson (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Moskwa, 22-nji dekabr, 2017

Moskwa we London gatnaşyklaryndaky durnuksyzlyga garamazdan, global howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga ukyply diýip, Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Johnson öz ýurdunyň döwlet ministriniň soňky bäş ýylyň dowamynda Orsýete eden birinji saparynda aýtdy.

22-nji dekabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren gepleşiklerinde Johnson ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky “problemalara” garamazdan, Orsýet we Britaniýa “parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda bilelikde işlemeli” diýdi.

Johnson ýurtlaryň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek, Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa programmalarynyň döredýän howpy, Siriýa parahatçylyk getirmek ýaly halkara meseleleri boýunça işleşmelidigini belledi.

Lawrow Moskwanyň gepleşikleriň gatnaşyklary janlandyryp biljek “takyk ädimlere” alyp barmagyny isleýändigini aýtdy.

Londonyň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklara Ukraina we Siriýa bilen bagly gapma-garşylyklar, şeýle-de Orsýetiň Ýewropanyň içerki syýasatyna we ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagy baradaky çaklamalar uly zeper ýetiripdi.

Orsýet aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG