Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan azyk bolçulygyny döretmek üçin 56 kärhanany täzeden gurar


Aşgabat, kämil bazar.
Aşgabat, kämil bazar.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Orazmyrat Gurbannazarow nobatdaky hökümet mejlisinde ýurduň söwda toplumynda alnyp barylýan işler, azyk bolçulygyny üpjün etmek hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik düzümlerini ösdürmek boýunça geçirýän işleri hakynda hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna senagat, oba hojalyk, söwda desgalarynyň we hyzmatlar ulgamy kärhanalarynyň 56-syny gurmak, olaryň durkuny täzelemek hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmak işlerini ynanmak planlaşdyrylýar.

Prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “hil taýdan täze tehnologiýalaryň esasynda önümçilikleriň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtady” diýip, habarda aýdylýar.

“Bu işler diňe bir şu günki günüň wezipeleriniň çözülmegine däl-de, geljekde hem ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ugrukdyrylmalydyr” diýip, TDH Berdimuhamedowy sitirleýär.

Türkmenistan biraz öň döwlet azyk howpsuzlygy komissiýasyny döretdi we soňky ýyllarda daşardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan, eksport edilýän önümleri köpeltmek maksadyny yzarlaýar.

Emma muňa garamazdan, dürli döwlet çäklendirmeleri we korrupsiýa zerarly, ýurduň içerki bazarlarynyň türkmen topragynda aňsatlyk bilen öndürilen we öndürip boljak gök, bakja önümleri babatynda hem barha kän daşary ýurtlara garaşly bolýandygy, azyk önümleriniň bahalarynyň yzygiderli gymmatlaýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG