Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň planyny düzdi


Täjigistanda okaýan türkmen studentleri
Täjigistanda okaýan türkmen studentleri

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary SapardurdyToýlyýew22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde döwlet baştutanyna Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi.

TDH habar gullugy täze konsepsiýanyň üç tapgyrda amala aşyryljakdygyny habar berýär.

2018-nji ýylda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwrenmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwlet standartlaryny, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek bellenildi.

2019-2020-nji ýyllarda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy kämilleşdirmek, jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, gözegçiligi geçirmek bellenildi.

2021— 2024-nji ýyllarda daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek bellenildi.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda türkmen mekdeplerinde çagalara azyndanüç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini kämil öwretmek planlary düzüldi. 2016-njy ýylda bolsa türkmen mekdeplerinde hytaý, ýapon dilleri boýunça hem sapak geçiljegi aýdyldy.

Türkmenistanly ene-atalaryň köpüsi çagalaryň mekdepde praktikibilim almaly wagtlarynyň köpüsiniň syýasy-köpçülik çärelerine harçlanýandygyny, üstesine, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin berilmeli paranyň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny aýdyp zeýrenýärler.

XS
SM
MD
LG