Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina goranyş ýaraglaryny bermek kararyna geldi


Tanka garşy “Javelin” raketasyny atýan esger

Birleşen Ştatlar Ukraina “agressiýanyň mundan aňryk ilerlemegini togtatmaga” kömekleşmek üçin “güýçlendirilen goranyş mümkinçiliklerini” bermek kararyna gelendigini aýdýar. Bu çärä Waşingtonyň Kiýewiň gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy alyp barýan söweşine galtaşygyny çuňlaşdyrýar.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Heather Nauert 22-nji dekabr güni giçlik bu kömegiň Ukraina “özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini goramaga, şeýle-de agressiýanyň mundan aňryk ilerlemeginiň öňüni almaga” ýardam etmek niýeti bilen berilýändigini aýtdy.

Beýanatda beriljek ýaraglaryň görnüşleri anyklaşdyrylmaýar. Emma CNN we “Associated Press” ady aýdylmadyk ABŞ resmisine salgylanyp, beriljek ýaraglaryň arasynda tanka garşy “Javelin” raketalarynyň hem bardygyny habar berdi.

Nauert ABŞ-nyň kömeginiň tutuşlygyna goranyş häsiýetlidigini belledi we, “biziň hemişe-de aýdyşymyz ýaly, Ukraina özbaşdak ýurt we onuň özüni goramaga haky bar” diýdi.

XS
SM
MD
LG