Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense Kabula gelip, söweşdäki 'ilerlemäni' öwdi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense Bagram howa bazasynda esgerleriň öňünde çykyp gürleýär.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense Bagram howa bazasynda esgerleriň öňünde çykyp gürleýär.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense garaşylmadyk ýerden Owganystana sapara gelip, amerikan we owgan goşunlaryny öwdi, ýagny olaryň 16 ýyllyk uruşda “hakyky progres” gazanandyklaryny aýtdy we prezident Donald Trampyň täze strategiýasynyň iş bitirýändigini jar etdi.

"Netijeler ýurduň çar künjeginde barha görnetin göze ilip başlaýar” diýip, ol soňra owgan prezidenti Aşraf Gani we baş ýerine ýetiriji ofiser Abdulla Abdulla bilen Kabuldaky prezident köşgünde, 21-nji dekabr güni giçlik bolan duşuşykda aýtdy.

Pens owgan liderleriniň özüne “duşmanyň ahyrynda ýitgi çekmekden halys bolup, parahatçylyk gepleşiklerine goşulmak islejegine umyt baglaýandyklaryny” aýdandygyny gürrüň berdi.

Tramp şu tomusda bu ýerdäki amerikan goşunlarynyň sanyny artdyrdy we ABŞ harbylarynyň ýolbaşçylaryna “Talybana” garşy söweşde has kän ygtyýarlyk berdi. Pense bu çemeleşmäniň indi öz miwesini berýändigini aýdýar. Ol 21-nji dekabr güni giçlik harby uçarda Bagram howa bazasyna geldi we soň dikuçarly Kabula bardy.

Şu aralykda günorta Owganystanda janyndan geçeniň ulag bombasy alty polis ofiserini öldürdi, dokuzysyny bolsa ýaralady diýip, resmiler aýtdylar. 22-nji dekabrda Kandagar welaýatynda bolan hüjümiň jogapkärçiligini "Talyban" öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG