Türkiýe geçen ýyl başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň Ankaranyň başlan arassalaýyşlaryny dowam edip, 2,756-den gowrak adamy terror toparlary bilen ilteşikli diýip, jemgyýetçilik edaralaryndaky işlerinden boşatdy.
24-nji dekabra “Official Gazette” neşirinde çap edilen hökümet kararyna laýyklykda, işden aýrylanlaryň arasynda 637 sany harby, 360 sany jandarm güýçleriniň agzasy, 150 sany alym we beýleki uniwersitet işgärleri bar.
Türk häkimiýetleri 2016-njy ýylyň iýul aýyndaky agdarylyşyk synanyşygyny ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethulla Gülenden görýärler.
Gülen ýa-da terror toparlary bilen ilteşikli diýlip, arassalaýyş başlaly bäri 110 müňden gowrak adam işinden çetleşdirildi, 50 müň çemesi adam bolsa tussag edildi.
Gülen özüniň 240 adamyň ölümine getiren agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydygyny ret edýär.
Hukuk toparlary prezident Rejep Taýyp Erdoganyň agdarlyşyk synanyşygyny başga pikirlileri basyp ýatyrmak üçin bahana edip ulanýandygyny aýdýarlar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.