Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ýol hadysasynda bir maşgalanyň 10 agzasy öldi


Pakistan, ýol hereketi
Pakistan, ýol hereketi

Pakistan polisiýasy bir maşgalanyň 10 agzasynyň ýol hadysasynda heläk bolandygyny aýdýar. Ol maşgalanyň münüp barýan mini awtobusy Indus ýolunda garşy tarapdan gelýän iki awtobusyň aşagyna düşüpdir.

“Kiçi awtobusdakylaryň onusy hem ýogaldy” diýip, Şamşora şäheriniň polisiýa sözçüsi 24-nji dekabrda aýtdy.

Ölenleriň dördüsi aýal maşgala, bäşisi – çaga.

Ýolgaçy awtobuslarynyň sürüjileri bu hadysadan soň wakanyň bolan ýerinden gaçdylar we polisiýa olary gözlemek bilen meşgul.

Ýerli polisiýa resmisi Arfan Buhadar iki awtobusyň çakyşyp, soňra mini awtobusa urlandygyny gürrüň berdi. Şeýle-de ol 17 adamyň ýaraly bolandygynyň, olaryň käsiniň ýagdaýynyň agrydygyny aýtdy.

Pakistanda ýol hadysalary kän bolýar we munuň bir sebäbi ýollaryň ýagdaýy bilen bagly bolsa, ikinji sebäbi sürüjileriň howpsuzlyk çärelerini we ýol düzgünlerini bilmezligi bilen bagly.

XS
SM
MD
LG