Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Alekseý Nawalnynyň goldawyna ýygnanyşyklar geçirilýär


Nawalnyý Nowosibirskde çykyş edýär. 24-nji dekabr, 2017.

Korrupsiýa garşy aktiwist we oppozisiýadaky syýasatçy Alekseý Nawalnynyň goldawçylary Moskwada we beýleki şäherlerde 24-nji dekabrda ýygnanyşyk gurnaýarlar. Häkimiýetler bu çäräniň paýtagtda geçirilmegini gadagan etdiler we Human Rights Watch munuň Kremliň oppozisiýany basyp ýatyrmagynyň mysalydygyny aýdýar.

Oppozisiýa aktiwistleri ir ertirden bäri ýüzlerçe adamyň Nawalnyny Orsýetiň 2018-nji ýylyň martynda geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidat görkezmekligi goldap, býulleten dolduryp, ses berendiklerini aýdýarlar.

700-den gowrak adam Moskwada ses berdi, Nawalnynyň goldawçylary bu ýygnanyşyga Merkezi saýlaw komissiýasynyň birnäçe agzasynyň gatnaşandygyny aýdýarlar.

600 çemesi adam Wladiwostokde ses berdi, Nowosibirskm şäherinde bolsa 700 adam ses berdi diýip, Nawalnynyň goldawçylary aýtdy. Bu hili çäreler Perm, Omsk, Krasnoýarsk şäherlerinde we beýleki ýerlerde hem guraldy.

Moskwanyň şäher sudy 20-nji dekabrda bu çäräniň paýtagtda geçirilmegini gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG