Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň harby gämisi Demirgazyk deňizde orsýet gämisine gözegçilik etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) “Admiral Gorşkow” gämisiniň ekipažynyň öňünde çykyş edýär, Baltiýsk, 26-njy iýul, 2015
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) “Admiral Gorşkow” gämisiniň ekipažynyň öňünde çykyş edýär, Baltiýsk, 26-njy iýul, 2015

Britaniýanyň patyşalyk harby deňiz güýçleri ýurduň territorial suwlarynyň golaýynda Demirgazyk deňizde Orsýetiň söweş gämisini eskort edendigini habar berdi.

Britaniýanyň harby deňizçileriniň 26-njy dekabrda aýtmagyna görä, fregat “HMS St Albans” 23-nji dekabrda ýurduň “milli bähbitleriniň giňişliginde” hereket eden Orsýetiň “Admiral Gorşkow” gämisine gözegçilik etmek üçin deňze çykypdyr, 25-nji dekabra çenli gözegçiligini dowam etdiripdir we 26-njy dekabrda Portsmouth portuna dolanypdyr.

Britaniýanyň bu beýanatyna Orsýet tarapyndan dessine reaksiýa bolmady.

Britaniýanyň goranmak sekretary Gawin Williamson bu ýagdaý bilen baglylykda eden beýanatynda “biz suw giňişligimizi goramakda çekinmeris we agressiýanyň islendik formasyna çydam etmeris” diýip, aýtdy.

Britaniýanyň harby deňizçileri ýene bir britan harby gämisiniň “HMS Tyne” fregatynyň Demirgazyk deňizde Orsýetiň aňtaw maglumat toplaýjy gämisini yzarlamak üçin çagyrylandygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da, harby dikuçar Orsýetiň ýene iki sany harby gämisine gözegçilik etmek üçin ugradylypdyr.

XS
SM
MD
LG